Diplomat zenan saraý hatyn

8 Fewral 2022
2341

Hormatly Prezidentimiz mydama agzybirlige çagyrýar, dost-doganlyga, goňşuçylyga belent sarpa goýýar. Bu däpler ata-babalarymyza mahsus bolup, olary tassyklaýan mysallara taryhy çeşmelerimizde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.

Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) ejesi Saraý Hatyn Günbatarda hem-de Gündogarda diplomat zenan hökmünde tanalypdyr. Ol ýurduň içinde hem-de goňşy döwletleriň arasynda biri-biriňi sylamak, hormatlamak arkaly gatnaşygy ýola goýmak üçin gepleşikler geçiripdir. Orta asyr taryhçysy Abu Bekr Tähranynyň ýörite Akgoýunly türkmen döwletiniň belli hökümdary Uzyn Hasanyň tabşyrygy boýunça döwletiň taryhyna bagyşlap ýazan «Akgoýunly türkmenleriň taryhy» («Kitaby Diýarbekriýe») atly eserinde hem Saraý Hatyn bilen bagly maglumatlar beýan edilipdir. Eserde beýan edilişine görä, Akgoýunly döwletiniň hökümdary Jahangir garagoýunlylaryň tabynlygyny kabul edip, ylalaşyga razy bolanda, Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny gorap saklamak maksady bilen 1453-nji ýylda dogany Jahangirden hökümdarlygy alypdyr. Jahangir muňa garşy bolup, tagty yzyna almak üçin birnäçe gezek synanypdyr. Ol hatda Garagoýunly döwletiniň hökümdary Jahanşadan hem kömek sorapdyr. Kömege iberilen garagoýunlylaryň goşunyndan üstün çykan Uzyn Hasan doganyny Mardinde gabapdyr. Şonda Saraý Hatyn iki doganyň arasyna düşüp, olary ylalaşdyrypdyr. 1457-nji ýyldaky bu ylalaşykdan soňra Jahangir Uzyn Hasana garşy gozgalaň etmändir. Doganlaryň arasyndaky barlyşykda ejeleri Saraý Hatynyň orny uludyr. Iki doganyň ylalaşmagy döwletiň ösmegine ýardam edipdir. Bu wakadan soňra, döwleti Uzyn Hasan dolandyrypdyr.

Hurma ÇOMMADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.