Melebaý

6 Fewral 2022
3209

«7/24.tm», № 06 (89), 07.02.2022.

Dogrusy, it diýen haýwany biz saklamzokdyk. Öň bir Uçar diýen tazymyz bar eken. Aw etmäge gaty gowudy diýýärler. «Uçar diýseň uçar-da, ýaman gaty ylgaýardy» diýip, tarypyny ýerde-gökde goýanokdylar. Ony köplenç dädem meýdana gidende çopan goşuna alyp gidýär eken. Özüň görmeseň kyn-da. Hiç zat aýdyp bolanok. Ýöne men bir gowy it hakda gyzykly zatlary bilýärin. Ol itiň adyna Melebaý diýilýär. Ýöne ol tazy däl. Türkmen alabaýy. Özem köpekdi. Asyl, ol kiçijek wagtymyz doganoglan jigim Aşyr bilen oýnap ýörkäk, gapdalymyzdaky obada (Diňlide, şahyr Çary Ýegenmyradyň obasy) ýaşaýan Pugta daýzanyň oglundan alyp gelipdiler.