Gadymy Merw we Soltan Sanjar

2 Fewral 2022
3123

Merw şäheri Beýik Seljuklylar döwründe söwda merkezi bolup, onda senetçilik we azyk harytlaryny satýan birnäçe bazarlar bolupdyr. Merwli söwdagärler daşary ýurtlarda hem tanalypdyr. Taryhy çeşmeler Merwiň bazarlary barada öwgüli sözleri beýan edipdirler. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merw — söwdagärleriň we senetkärleriň şäherine öwrülipdir» diýip, X asyryň taryhçysy belleýär» diýip ýazýar. Orta asyr alymy Istahri öz ýazgylarynda Merwiň arassalygy, owadanlygy barada ýazyp, oňa ýokary baha beripdir.

1153-nji ýylda Balh oguzlary gozgalaň turzup, Soltan Sanjary ýesir alypdyrlar. Oguzlar ýesir alnan Soltan Sanjardan Merwi paý ýeri (ykta) hökmünde bermegini talap edipdirler. Şonda Soltan Sanjaryň jogap hökmünde «Merw — paýtagt, ol hiç kimiň paý ýeri bolup bilmez» diýen sözleri taryhyň altyn sahypalaryna girmek bilen, paýtagtyň döwlet üçin ähmiýetini beýan edýän dürdänelerdir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.