Deri önümleri

1 Fewral 2022
2426

Çarwaçylyk bilen meşgullanyp, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy käri ýöredip, bereket tapan pederlerimiz bakýan mallarynyň hiç bir zadyny-da yrýa etmändirleri goýundy, geçileriň, düýeleriň derisinden, ýüňünden dürli egin-eşikleri, gap-gaçlary, hojalyk üçin zerur bolan esbaplary taýýarlap, bu ýeňil bolmadyk hysyrdyly işi sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Deri önümlerini taýýarlamagyň birnäçe usullary bolup halkymyzda köplenç şeýle usul ulanylypdyr. Mal soýlan dessine deriniň iç ýüzüne birsydyrgyn duz sepip bir hepdä golaý saklapdyrlar. Soňra deriniň duzuny silkip aýryp, kölegede guradypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, derä dag borjagynyň şiresini çalyp, ýene-de on bäş gün saklapdyrlar. Duza hem-de borjagyň şiresine mazaly eýlenen deri näçe köp dursa, şonça-da berk bolupdyr. Şol günleriň dowamynda onuň ýüzi aýrylypdyr.

Ata-babalarymyz meşik ediljek derini nar gabygyna eýläpdirler. Içine ýel berlen deri ak öýüň merkezindäki ojagyň ýokarsynda, tüýnükden asylyp, reňki garalýança saklanypdyr. Tüssä tutulan derä gara meşik diýlipdir.

Annageldi AGAHANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.