Hormatly Prezidentimiz döwletimizde halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi we wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm we wajyp wezipeleriň biri edip goýdy.
Bina galdyrmak medeniýeti, ýaşaýyş üçin amatly emeli giňişlikleri döredip bilmek, şäher gurluşygy bilen bagly bolan meseleleri oňaýly çözmegi başarmak jemgyýetiň taryhy ösüşiniň derejesini kesgitleýän iň bir anyk görkezijileriň biridir. Dünýäniň köp künjeklerinde gurluşyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda ýerli gurluşyk serişdeleriniň esasynda kämilleşipdir.