Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen milleti öz çylşyrymly we täsin taryhy, arheologiýa ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, milli özboluşlylygy bilen beýleki halklardan düýpli tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen topragy gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan şäher medeniýetiniň gülläp ösen ülkesidir. Halyçylyk, mata dokamak, külalçylyk, zergärçilik, demir işlemek, aýna ýasamak ýaly senetçiligiň dürli görnüşleriniň, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň ösmegi, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna we ülkelerine, dünýä bazarlaryna tarap uzaýan amatly söwda kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi orta asyrlarda Türkmenistanyň çäginde şäher medeniýetiniň döremegine möhüm itergi beripdir.
Bina galdyrmak medeniýeti, ýaşaýyş üçin amatly emeli giňişlikleri döredip bilmek, şäher gurluşygy bilen bagly bolan meseleleri oňaýly çözmegi başarmak jemgyýetiň taryhy ösüşiniň derejesini kesgitleýän iň bir anyk görkezijileriň biridir. Dünýäniň köp künjeklerinde gurluşyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda ýerli gurluşyk serişdeleriniň esasynda kämilleşipdir, onuň özboluşlylygyna howa şertleri, durmuş düzgünleri, şeýle hem taryhyň belli bir tapgyrynda hereket eden medeni däpler we ideologiýa düşünjeleri öz täsirini ýetiripdir. Orta asyrlarda ägirt uly sebitiň çäklerinde köp halklaryň birleşdirilmegine garamazdan, binagärçilik eserleri öz sebitlerine mahsus bolan konstruktiw, göwrümli-ýerleşiş we çeperçilik aýratynlyklary bilen biri-birinden tapawutlanypdyr. Olaryň özboluşlylygynda ýerli ilatyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen gurluşyk däpleri uly orun tutupdyr.