Gadymy Merw we Soltan Sanjar

26 Ýanwar 2022
2816

XI — XII asyrlar Seljukly türkmenleriniň zamanasy bolup, dünýä taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandyr. Seljukly türkmenleriniň guran bu beýik döwleti özüniň höküm süren döwründe dünýäniň köp bölegine eýelik edip, dünýä mirasyna, onuň genji-hazynasyna uly goşant goşup, taryha «Beýik Seljukly türkmen döwleti» diýen at bilen girdi. Beýik Seljukly döwletiniň dürli döwürlerde dört sany paýtagty bolupdyr. Bu paýtagtlar Nişapur, Reý, Yspyhan we Merw bolupdyr. Bu şäherlerden Merwiň Diýarymyzda ýerleşmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Maru-Şahu-Jahan adyna eýe bolan Merw Soltangalanyň çäginde ýerleşip, ol Orta asyryň iň uly megapolis şäheri hökmünde ykrar edilipdir. Dünýäniň ähli künjeginden Merwe gelen ýollar şäheriň dört künjüne ýaýrapdyr» diýip ýazýar. Taryhyň dürli döwürlerinde ähmiýetini saklamagy başaran Merwiň iň pajarlap ösen döwürleriniň biri Beýik Seljuklylaryň döwründe bolupdyr. Seljuklylar 1038-nji ýylda Merwi gaznalylaryň elinden alyp, öz häkimiýetlerine birikdirmegi başarypdyrlar. 1040-njy ýyldaky meşhur Daňdanakan söweşinden soňra geçirilen geňeşde Horasanyň häkimiýetini alan Çagry beg Merwi dolandyryş merkezine öwrüpdir. Çagry begden soňra ogly Alp Arslan Horasanyň häkimi bolup, kakasynyň işlerini Merwde dowam etdiripdir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.