Dünýäniň meşhur muzeýleri

22 Noýabr 2021
2944

Täsin halylar haýrana goýýar

Türkmen halysynyň milli muzeýi ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu muzeý 1994-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda açyldy. Milli muzeýde birnäçe uly türkmen halylary bilen bir hatarda, haly önümlerini hem görmek mümkin. Muzeýdäki täsin halylar köpleriň ünsüni çekýär. Bu ýerdäki täsin halynyň uzynlygy 193 metr, agramy bir tonna barabar bolup, ol 1941-nji ýylda 40-a golaý adam tarapyndan dokalýar. Şeýle hem, 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli uzynlygy 301 metre barabar bolan haly dokaldy. Bu haly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýäniň iň uly elde dokalan halysy hökmünde girdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jemal BAÝRAMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.