Dört sütüniň biri

15 Noýabr 2021
2210

Merdana daýhanlarymyzyň ýadawsyz zähmetiniň jemini jemleýän, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýan Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli künjeginde mynasyp baýram edildi. Baýramçylyk gününde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Sergi milli Liderimiziň oba zähmetkeşlerimiz barada edýän aladasynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Redaksiýamyzyň döredijilik topary bilen sergä gatnaşan hususy önüm öndürijileriň gazanan üstünlikleri, iş tejribeleri, aýratyn-da, ýaş hünärmenleriň önümçilikdäki orny dogrusynda gyzyklandyk. Bir hakykat kalba doldy: ýaşlar — dört sütüniň biri.

OL — «MAKSADA OKGUNLY»

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Nesil».