Gezsem, dünýäni görsem

10 Noýabr 2021
2820

Ak ýollaryň aýdymy

«Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoly, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň we sebitiň ösüşine uly goşant goşjak örän ähmiýetli taslamalaryň biridir. Ýakynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu ýoluň «Aşgabat — Tejen» bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Uzynlygy 203 kilometre ýetýän döwrebap ýol düzümi alty sany hereket zolagyny özünde jemleýär. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her bir hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Hil taýdan ýokary derejeli halkara güwänamalaryna eýe bolan ýoluň türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygy has-da buýsandyryjydyr. 2019-njy ýylyň başynda gurlup başlanan ýoluň galan bölegini 2023-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu ýol Garagum sährasynyň täsin tebigatyny synlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.