Pomidoryň täze hasyly

3 Noýabr 2021
2470

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Hasylçy» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda tapgyrlaýyn ekilen pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala» gurluşyk hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhananyň önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Işi ýöretmegiň täzeçe usullary giňden ulanylýar. Bu ýerde ýylda dürli görnüşli pomidorlaryň 800 tonnasy öndürilip, welaýatyň çägindäki bazarlara, dürli söwda nokatlaryna, şeýle-de ýörite buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ilatyň ýylyň ähli pasyllarynda gök önümler bilen üpjün edilmegine saldamly goşant goşýan toplumda oba ýaşlarynyň 40-dan gowragy zähmet çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilaty ýylyň bütin dowamynda azyk önümleri bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhana toplumlary, önümleri gaýtadan işleýän kiçi kärhanalar gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan täze toplumlar aýratyn howa şertleri bolan demirgazyk künjekde ýylylygy söýýän ekinleri ýetişdirmäge, seçgi işlerini geçirmäge, pudaga ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly azyk bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berýär. Welaýat merkezinden känbir uzakda bolmadyk «Hasylçy» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän täze toplum ýokary hilli, ýokumly gök önümleri bilen bereket-bolçulygyň nusgalyk mysalyna öwrüldi.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».