Welaýatymyzda täze duş gelýän kebelekler

1 Noýabr 2021
3639

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleriniň geçiren ylmy gözegçilikleriniň netijesinde, 2021-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Bossan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, «Mürzebaşy» diýlip atlandyrylýan kiçeňräk tokaýda we Akdepe şäheriniň çäklerinde seýrek duş gelýän, ýitip barýan görnüş bolan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2-nji, 3-nji neşirlerine girizilen, hüwipisint kebelekler maşgalasyndan toraňňy kebeleginiň duş gelýändigi ýüze çykaryldy. Bu görnüş diňe Türkmenistanyň däl, eýsem Özbegistanyň, Gazagystanyň hem Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Ylmy çeşmelerde bu kebelegiň diňe Sumbar, Tejen, Murgap derýalarynyň jülgelerinde, Amyderýanyň orta akymynda duş gelýändigi barada maglumatlar bar.

Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor suw akabasynyň ugrunda, Atabaýşor kölüne ýakyn meýdanlara gözegçilik geçirilip ýörlen wagtynda garyşlaýjylar maşgalasyndan «perli haýmoptena» atly, ganatlarynyň gerimi 16-17 millimetre deň bolan seýrek duş gelýän kebelejik Demirgazyk Türkmenistanda ilkinji gezek hasaba alyndy. Öň ýurdumyzda diňe Repetek goraghanasynda duş gelýän, Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň endemigi hasaplanýan, Gazagystanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu görnüşiň biziň welaýatymyzyň meýdanlarynda duş gelip başlamagy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň tebigatynyň baýlaşmagyna edýän oňyn täsiriniň aýdyň subutnamasydyr.

Baýramberdi TIRKEŞOW,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.