Alajagözen

1 Noýabr 2021
6042

Alajagözen ýurdumyzda giňden ýaýrandyr. Daşky sypatynyň aladygy, islendik howpa garşy hilegärlik, çalasynlyk, goranyş hem hüjüm endiklerine türgendigi üçin ol il arasynda «alajagözen», «alajagözek», «alajaöwzen» atlary bilen tanalýar. Ol süýdemdirijiler toparynyň samyrlar maşgalasyndan bolup, ys mäzi oňat ösen haýwandyr. Bu ýyrtyjy çöllük, ýarym çöllük, dag etegindäki düzlük we baýyrlyk ýerleri halaýar, maşgala bolup ýaşaýan gemrijileriň toplanan ýerinde mekan tutýar. Özleri hin gazynmaýarlar, gemrijileriň sürenlerinde ýaşaýarlar. Olar gündizine hinlerde dynç alyp, iňrik garalanda, gijesine aw edýärler. Seýrek ýagdaýda ir salkyn wagty aw edýän alajagözenlere hem duşmak bolýar.

Alajagözeniň bedeniniň uzynlygy 28 — 35, guýrugynyňky bolsa 12 — 18 santimetr bolýar. Onuň tumşugy süýri, kellesi kiçi hem inçe, gulagynyň uly we ujunyň çüri, aýaklarynyň kelteden daýaw bolmagy ýyrtyjylaryň gemrijileriň süreniniň içinde hereket etmäge we gijesine aw üçin uzak ýerlere aýlanmaga uýgunlaşandygyny görkezýär. Gara-ala reňki ony gijesine töweregine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň howpundan goraýar.

Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.