Jelaleddin Meňguberdiniň watansöýüjiligi

8 Oktýabr 2021
3127

Be­ýik Sel­juk Türk­men döw­le­ti dar­ga­nyn­dan soň­ra, Kö­ne­ür­genç türk­men­le­ri­niň döw­le­ti do­ly öz­baş­dak­lyk ga­za­nyp, dün­ýä­niň iň kuw­wat­ly döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Kä­bir ta­ry­hy çeş­me­ler­de ho­rezm­şa­la­ryň-anuş­te­gin­le­riň döw­le­ti şek­lin­de ge­çen bu döw­let Il Ars­la­nyň (1156-1172), Te­ke­şiň (1172-1200) we Alaed­din Mu­ham­me­diň (1200-1220) hö­küm­dar­lyk eden döw­rün­de ösüş­de has-da ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­ýär.
XIII asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­my di­ňe bir Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň halk­la­ry üçin däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä halk­la­ry üçin hem kyn dö­wür bo­lup­dyr. Bu dö­wür­de mon­gol ba­sy­ba­ly­jy­la­ry dün­ýä­niň ösen me­de­ni­ýet­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy bo­lan ker­wen ýol­la­ry­na bö­wet bo­lup, yl­myň we söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne päs­gel­çi­lik dö­re­dip­dir. Kö­ne­ür­genç türk­men döw­le­ti­niň hö­küm­da­ry Alaed­din Mu­ham­me­diň (1200-1220) Aý­çe­çek at­ly aýa­lyn­dan bo­lan og­ly Je­la­led­din Meň­gu­ber­di­niň hö­küm­dar­ly­gy şeý­le kyn­çy­lyk­ly ýyl­la­ra ga­bat ge­lip­dir. 1220-nji ýyl­da Kö­ne­ür­genç türk­men döw­le­ti­niň tag­ty­na ge­çen Je­la­led­din Meň­gu­ber­di­niň döw­ri we gah­ry­man­çy­lyk­ly dur­muş ýo­ly ba­ra­da hormatly Prezidentimiz «Ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap» at­ly ki­ta­by­nyň 4-nji to­mun­da «XIII asyr Mer­ke­zi Azi­ýa halk­la­ry üçin örän ga­la­gop­ly, agyr sy­nag­ly, yl­ma, me­de­ni­ýe­te, yn­san gym­mat­lyk­la­ry­na uly zar­ba uran pa­jy­ga­ly ba­sy­ba­lyş­lar döw­rü­ni baş­dan ge­çir­di. Bu dö­wür­de türk­men hal­ky­nyň süň­ňü­ne hem ga­ny­na si­ňen gaý­duw­syz­lyk, eder­men­lik, yn­san­per­wer­lik, jo­mart­lyk, ge­çi­rim­li­lik ýa­ly gö­zel hä­si­ýet­le­ri­ni özün­de jem­län Sol­tan Je­la­led­di­niň ser­ker­de­li­gin­de Çin­giz ha­nyň we onuň ogul­la­ry­nyň ba­sy­ba­ly­jy­lyk­ly ýö­riş­le­ri­ne gar­şy ýo­wuz gö­reş­ler­de eder­men­li­giň hem-de mer­da­na­ly­gyň aja­ýyp sa­hy­pa­la­ry adam­zat ta­ry­hy­na ba­ky ýa­zyl­dy. Bu gün biz şöh­ra­ty dün­ýä ýaý­ran gaý­duw­syz gah­ry­man­la­ryň, il-ýur­da bo­lan çäk­siz buý­san­jy ter­bi­ýe­le­ýän wa­tan­çy­lyk mek­de­bi­ni dö­re­den be­ýik är­le­riň hem-de akyl­dar­la­ryň nes­li­di­gi­mi­ze çäk­siz buý­san­ýa­rys» diý­ýär.
Je­la­led­din Meň­gu­ber­di ýa­şan döw­rü­niň ýo­wuz dur­mu­şy se­bäp­li, ýaş­lyk­dan har­by ser­ker­de­lik sun­ga­ty­nyň in­çe til­sim­le­ri­ne eýe bol­ýar. Ol pa­ra­sat­ly, mak­sa­da ok­gun­ly, gaý­duw­syz, ba­tyr, er­jel, ugur­ta­py­jy ser­ker­de bo­lup ýe­tiş­ýär. Be­ýik türk­men sol­ta­ny sy­ýa­sy iş­jeň­li­gi, mon­gol-ta­tar leş­ger­le­ri­ne we Çin­giz ha­na gar­şy alyp ba­ran gö­re­şi, Kö­ne­ür­gen­ji go­ra­mak­da­ky gah­ry­man­çy­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Onuň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi hem-de gah­ry­man­çy­ly­ga ýug­ru­lan dur­mu­şy bü­tin adam­za­dy haý­ran gal­dy­ryp­dyr. Şo­nuň üçin hem ta­ryh­çy­la­ryň en­çe­me­si onuň gah­ry­man­çy­ly­gy­ny be­ýan et­me­gi öz­le­ri üçin bagt ha­sap­lap­dyr. Je­la­led­din Meň­gu­ber­di ba­ra­da türk­men, eý­ran, arap, er­me­ni, gür­ji, rus we hin­di ta­ryh­çy­la­ry gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­rip­dir­ler.
Je­la­led­din Meň­gu­ber­di­niň gah­ry­man­çy­lyk­ly dur­muş ýo­ly ga­raş­syz döw­let bo­lup er­ka­na ýa­şa­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­dyr. Ser­ker­dä­niň bu hä­si­ýet­le­ri onuň köşk kä­ti­bi Ne­se­wi­niň «Sol­tan Je­la­led­din Meň­gu­ber­di­niň ömür be­ýa­ny» at­ly ki­ta­byn­da gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­lip­dir. Be­ýik türk­men ser­ker­de­si ýur­da duş­man how­py aba­nan­da: «El­den pur­sat git­me­zin­den öň, aýak­la­rym haý­ran we gor­ky bat­ga­ly­gy­na çüm­män­kä, bi­ziň gy­ly­jy­myz ada­la­tyň ta­ra­pyn­da dur­ýar­ka, gal­ka­ny­myz duş­man how­ru­ny sak­lap bil­ýär­kä, ýaý­dan çy­kan oku­myz ýa­man päl bi­len ge­len duş­ma­nyň dö­şü­ni ýar­ýar­ka, agyr kyn­çy­lyk­la­ry çöz­mä­ge ug­ra­lyň! Bü­tin go­şu­nyň ga­ra­ma­ty­ny me­niň boý­nu­ma atyň! Men sö­we­şiň hiç bir ýe­rin­den aý­ryl­ma­jak­dy­gy­ma we soň­ky de­mi­me çen­li go­şu­nyň ba­şyn­da dur­jak­dy­gy­ma hem­me­le­ri ynan­dyr­ýa­ryn!» diý­ýär.
Wa­ta­na we­pa­ly­lyk, enä bo­lan söý­gi ýa­ly mu­kad­des­dir. Wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si­niň esa­sy mak­sa­dy ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­de geç­mi­şi­ne, ata-ba­ba­la­ry­nyň öz­baş­dak­lyk ug­run­da alyp ba­ran ada­lat­ly gö­re­şi­ne buý­sanç duý­gu­sy­ny eme­le ge­tir­mek­den yba­rat­dyr. Je­la­led­din Meň­gu­ber­di­niň ata Wa­ta­ny go­ra­mak ba­ba­tyn­da­ky ça­gy­ryş­la­ry we sö­weş meý­da­nyn­da­ky gör­ke­zen gah­ry­man­çy­ly­gy ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de gö­rel­de mek­de­bi­dir.

Güýç­my­rat Sol­tan­my­ra­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.