Ha­ty­ra gü­ni – ha­ky­da gü­ni

8 Oktýabr 2021
2618

6-njy oktýabrda ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän we edermen gahrymanlarymyza çuňňur buýsanjyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatynyň belent nyşanyna öwrülen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna geldi. Şol gün – Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatladylar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.

Ha­ty­ra gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de Döw­let baý­dak­la­ry aşak dü­şü­ril­di, hem­me ýer­de aýat-tö­wir okal­dy, sa­da­ka­lar be­ril­di. Ha­ty­ra gü­nün­de «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak çä­re­si ge­çi­ril­di. Ha­ky­da mil­le­ti­mi­ziň ýa­şaý­şy­nyň aý­ryl­maz ru­hy bö­le­gi­dir. Ol ne­sil­le­ri bi­rik­dir­ýän berk ýö­rel­ge bol­mak bi­len di­ňe bir göz­baş­la­ry­my­zy we däp-des­sur­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak däl, eý­sem, ta­ry­hy tej­ri­bä­niň esa­syn­da mil­le­tiň tä­ze yk­ba­ly­ny, ýag­ty gel­je­gi­ni gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ha­ty­ra gü­ni mil­le­ti bir­leş­dir­ýär we je­bis­leş­dir­ýär.
Türk­men hal­ky­myz hä­zir­ki wagt­da hem ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­ril­ýän ýo­ka­ry ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dyr.
«Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta-gün­ba­tar bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Bu top­lum mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ba­ky şöh­ra­ty­nyň we eder­men­li­gi­niň aý­dyň ala­ma­ty bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň bi­ziň pa­ra­hat we bag­ty­ýar dur­mu­şy­myz ug­run­da ja­ny­ny gur­ban eden­le­ri sar­pa­la­ma­gy be­lent ruh­ly ne­sil­le­ri­mi­ziň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny bag­la­nyş­dyr­ýan ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­ýär. Ýur­du­my­zyň gah­ry­man­la­ry­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­la­mak kök­le­ri­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan çuň­ňur yn­san­per­wer ýö­rel­ge bo­lup, türk­men hal­ky­nyň ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.
Ha­ty­ra gü­nün­de adam­za­dyň ta­ry­hyn­da iň weý­ran­çy­lyk­ly ýer­tit­re­me­le­riň bi­ri bo­lan 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de gur­ban bo­lan­lar hem ýat­la­nyl­ýar.