Seýil edeliň bu jahana

6 Oktýabr 2021
3105

Ajaýyp bina

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet sirki 1979 — 1984-nji ýyllar aralygynda guruldy we 1985-nji ýylda açyldy. 2010-njy ýylyň aprel aýynyň 23-ünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen sirkiň doly durky täzelenip, ulanylmaga berildi. Onuň tutýan meýdany 27,468 inedördül metr bolup, 1 müň 500 adamlyk tomaşaçy ýerlerinden ybaratdyr. Sirkiň tomaşaçy ýerleri 10 sany bölümçä bölünen. Şeýle hem, bu ýerde 20 orunlyk dynç alyş otagy, 181 adama niýetlenen konferensiýa zaly, 20 bedew üçin athana, beýleki jandarlar üçin hem aýratyn ýatakhanalar we kömekçi jaýlar bar. Sirkdäki «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bu ýere gelenleri has-da haýran galdyrýar. Bu topar dünýäniň birnäçe ýurtlarynda çykyş edip, baş baýraklara mynasyp boldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.