Täze iş orunlaryny döretmek Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, täze iş orunlaryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütler netijeli zähmeti gazanmakda edilýän tagallanyň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzda iş üpjünçilik çygrynda hem özgertmeler maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» geljek döwür üçin milli ykdysadyýetimiziň ösüş ugurlaryny kesgitleýän möhüm resminama bolup, şu döwürde täze iş orunlarynyň on müňlerçesini döretmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda kabul edilen «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy», «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen resminamalardyr.