Hormatly Prezidentimiziň: «Asylly däbimize eýerip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde bilimler baýramçylygyna gabatlap, täze orta mekdepleri dabaraly açýarys, joşgunly aýdym-sazly çäreleri geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, täzelenişiň we ösüşleriň baýramynda açylyş dabaralary biri-birine utgaşdy.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Änew şäherinde 720 orunlyk, Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Çowdur geňeşliginiň Saýatly obasynda, şeýle-de Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslendi. Olaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Ussat inžener», «Myradym», «Ussa Tirkeş», «Döwletli dostlar» hususy kärhanalary alyp bardylar. Täze mekdepler häzirki zaman kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Olar sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan özgertmelerden ugur alnyp, döwrebap enjamlaşdyryldy. Mundan başga-da, gurluşyk işlerinde ýerli gurluşyk serişdeleriniň, içki bezeglerde hem milli önümlerimiziň ulanylandygy aýratyn bellenmäge mynasyp.