Gahryman Arkadagymyzyň taglymaty — ylym-bilimiň beýik ösüşleri

5 Sentýabr 2021
2683

  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu günki bagtyýar günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýarys. Şeýle şanly baýramlarymyz, şanly toýlarymyz belentden dabaralanýar. Ynha, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki döwrümizde Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçildi.

Altyn güýzüň ilkinji güni, has takygy 1-nji sentýabr güni hormatly Prezidentimiz bize täze bagtyýarlygy peşgeş etdi. Has takygy hormatly Prezidentimiz talyplar we okuwçylar bilen duşuşygynda umumy okuw sapagyny geçirdi, ylmy nukdaýnazaryny giňişleýin beýan etdi. Öňi bilen bellemeli zatlaryň bir hem, Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem hormatly doktory, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hormatly akademigi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň peder ýoly mugallymçylykdan gözbaş alýar. «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda beýan edilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew — esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym. Berdimuhamet Annaýew öz döwründe ýaşlara bilim öwretmekde, terbiýelemekde nusgalyk ýol goýan ussat mugallym. Şonuň üçin hem asylly peder ýoluny mynasyp dowam etmek, ösdürmek bilen Gahryman Arkadagymyz bilim işgärlerine hem, mugallymlara hem nusgalyk mekdep döretdi.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».