Geçen hepde ýurdumyzyň depginli ösüşiniň täze, belent sepgitlerini şöhlelendirýän nobatdaky möhüm wakalara baý boldy. Ol däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmeginiň hem-de täze binagärlik-gurluşyk desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň nyşany astynda geçdi. Bu desgalaryň Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň öňüsyrasynda ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
23-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi hem-de sebitiň merkezinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.