Şöhratly taryhymyzyň beýany
2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi diýlip, şeýle-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň ady üýtgedilip, täze döredilen merkeziň düzümine girizildi we ol «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi» diýlip atlandyryldy. Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 inedördül metrdir. Muzeýiň merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri, ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir. Şeýle hem, muzeýde paleolit, mezolit, neolit, eneolit döwürlerine degişli birnäçe gymmatly arheologik tapyndylar bar.