Edep — ynsan bezegi

30 Awgust 2021
1974

Halkymyzyň iňňän gadymy döwürlerde peýda bolan we asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen edep mekdebi bar. Ol milletiň geljegi, nesil terbiýesi, çagalary uly durmuşa taýýarlamak bilen baglydyr. Ile-güne gerekli adam bolup ýetişmegiň ähmiýeti ähli döwürlerde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Döretmek, gurmak üçin başarjaň, zähmetsöýer, hünärli hem-de edepli bolmaly. Eždatlarymyz ýöne ýerden «Edep — bergidir, bermedige — görgüdir» diýmeýär. Soňra-da onuň üstüni «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Çaga ýaşlygyndakyny unutmaz», «Ogul edebi bilen arzyly, gyz — gylygy bilen», «Edepli ile ýarar» ýaly ajaýyp nakyllar bilen ýetirýär. Bu ajaýyp parasatlar uly durmuş hakykatynyň sözlerdäki çeper aňladylmasydyr.

Çagalara edep-terbiýe bermek maşgalada başlanyp, soňra bilim ojaklarynda dowam etdirilýär. Şeýle möhüm işe biz hem çagalaryň ýaş wagtynda girişýäris. Şonda terbiýeçilik işlerini körpeleriň ene-atalary bilen bilelikde alyp barmaga ýykgyn edýäris. Möhüm meselä bilelikde çemeleşilmegi edilýän talaplaryň bir bolmagynda, işleriň gowy netije bermeginde ähmiýetlidir.

Gözel MUHYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 27-nji «Arzuw» çagalar bagynyň terbiýeçisi.