Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 23-nji awgustynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda iri «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga bermegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşlere beslenen üstünliklerini dabaralandyrdy. Şeýle hem baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgat boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň energetika diplomatiýasy dünýäde önümçiligiň artmagyna, sebitiň ösüşlerine, iş orunlarynyň köpelmegine, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine, energiýanyň ähli halklar üçin elýeterli bolmagyna, hyzmatyň kämilleşmegine, ylmyň ähli ugurlardaky iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerimizi diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä çykarmakda amala aşyrýan beýik işleri ykdysady kuwwaty bilen birlikde, parahatçylygyň berkemegine, halklaryň arasynda dost-doganlygyň ösmegine, döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň has-da ýokarlanmagyna giň şertleri döredýär.