Bagtyýar durmuşyň mekany

21 Awgust 2021
954

1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halkynyň asyrlarboýy garaşsyz, erkin ýaşamak, özbaşdak döwlet gurmak hakynda eden arzuwy hasyl boldy. Şondan bäri geçen 30 ýyl taryh üçin ujypsyz möhlet bolsa-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen amala aşyrylan beýik işler, ýetilen sepgitler örän uludyr. Garaşsyz ösüş ýoluna düşen eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu günki gün bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, arzuwlaryň amala aşýan ýurduna öwrüldi.

Garaşsyzlyk diýmek ata-baba milli buýsanjyňa, mukaddes topragyňa, taryhyňa, medeni mirasyňa, maddy hem ruhy gymmatlyklaryňa, diliňe we diniňe eýe bolmak, şolara guwanyp ýaşamak diýmekdir. Garaşsyzlyk öz topragyňda önen bugdaýyň bilen özüňi ekläp bilmekdir. Özbaşdak döwlet hökmünde dünýä çykmak hem onda öz ornuňy tapmakdyr. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşleri gazandy, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli hyzmatdaşlyga çagyrýan oňyn Bitaraplyk syýasatyny Ýer ýüzünde ykrar etdirmegi başardy. Bu gün türkmen halky, sözüň doly manysynda, örän bagtly halkdyr. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän maksatnamalarydyr giň möçberli başlangyçlary, döwletli tutumlary halkymyzyň gadymy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň tebigy we ykdysady mümkinçiliklerinden, halkyň bähbidinden ugur alýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär, durmuş ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň möçberi ýylsaýyn artýar.

Resulberdi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy.