Öý — görüm-görelde ojagy

20 Awgust 2021
1916

Arada obada ýaşaýan talyplyk ýoldaşymyňka myhmançylyga gitmeli bolduk. Olar täze jaýa göçensoňlar öýlerine ilkinji gezek barşymyzdy. Şonuň üçin öýlerini tapmak üçin köçäniň başyndan soňuna çenli ulagly geçdik. Gidip barşymyza birden hatar öýlerden mesaňa saýlanyp duran bir öýe synym oturdy. Ol öý binagärlik tarapyndan kaşaň, owadan bolmasa-da, şeýle bir özüne çekiji, gözel görünýärdi. Aýnasynyň bardygy bildirmeýän penjireleriň, lowurdap duran gapylaryň, daş-töweregiň arassalygy, ähli zatlaryň ýerbe-ýer, tertipli goýulmagy, ol öýi diýseň bezeýärdi. Hatda mellekleri hem edil el bilen süpürilen ýalydy. Diýmek, bu öýde üýtgeşik zenan bar bolmaly!

Aslynda, zenan diýmek ― eneňdir, uýaňdyr, gyzyňdyr we söwer ýaryňdyr. Öýüň zenany gowy bolanda, öýüň görki, durky, berki düýbünden başgaça bolýar. Türkmen halkynda watansöýüji, maşgala ojagyna wepadar, durşy bilen pähim-paýhasa ýugrulan çeper elli enelerimizdir gelin-gyzlarymyzyň ady we mertebesi müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejä göterilip gelinýär.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.