Uzap barýar ömür saly türkmeniň

18 Awgust 2021
1999

«Türkmenistan» gazetiniň ýakyndaky sanlarynyň birinde uzak ýaşly ildeşlerimiziň suratlary we pikirleri ýerleşdirilen sahypany okanymda, dünýämi giňeldýän, göwnümi göterip, ýaşaýşa höwesimi artdyrýan bir ýakymly duýgyny başymdan geçirdim. Nesip etse, ynsan ömri, gör, nähili uzak hem bolup biljek ekeni! Pensiýa ýaňyrak çykan adamlar, seredip otursak, 121 ýaşly Ajapsoltan enäniň ýaňy ýarpy ýaşyny ýaşapdyrlar ahyryn. Şu Hudaý beren Diýarymyzyň päkize howasyndan dem alyp, melhem suwundan içip, eşretli we asuda durmuşyny görüp ýaşaýan ildeşlerimiziň her biriniň göwnüni giň tutup, öz arzuw-hyýallaryny artdyrmaga, menzil ölçeglerini has aňry süýşürmäge degerli esas bar.

Türkmen özüniň Taňry söýen milletdigini bilýär, her halatda Haka sygynýar, Onuň hossar nazaryny aýlajakdygyna berk ynanýar. «Ömür saly artar alkyş alanyň» diýende, Magtymguly Pyragy, megerem, beýik Allatagalanyň alkyşyna mynasyp bolmagy ündändir. Bu pikir diňe bir din bilen baglylykda däl, ary saýylýan milletimiziň bütin taryhynyň dowamynda ýagşylyk etmek, alkyş almak ýaly pikirler ündelip, ösdürilip, türkmençilik diýilýän milli däp-dessuryň we ýol-ýörelgäniň esasyna goýlupdyr.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW,
žurnalist.