Asyry alkymlan ömrüň manysy

18 Awgust 2021
1871

Bir asyra golaý ýaşy arkasyna atan kakam Gurbanbaý Mätjanow bu uzak ömründen diýseň hoşal. Ol özüne şu günki ajaýyp zamanamyzyň eşretli, döwletli-döwranly, parahat durmuşynyň hözirini görüp ýaşamagyň miýesser edenine buýsanýar. Ak sakgally, nurana keşpli kakam 96 ýaşy arka atyp barýanam bolsa, entek onuň göreçleri, ýatkeşligi ýiti. Eger görme-görşe baryp, onuň ýanynda oturaýsaň, uzak ömrüniň dowamynda başyndan geçiren wakalaryny gürrüň berip başlar welin, Kerim şahyryň Taýmaz babasy barda. Asla onuň ýanyndan aňsatlar gopaýmarsyň.

Atasyndan habar almak üçin günde-günaşa gelýän gelinleriniň, agtyklarynyň, çowluklarynyň, ýuwluklarynyň öz daşynda halka gurap, saçak başynda alaýaz bolup oturyşlaryna syn edip oturan kakamyň öz dowamatlaryna bolan begenjine goşa didesiniň nemlenmegi onuň bagtyýar döwre, bagtly ýaşaýşyna bolan şatlygyny aňladýar. Ýaşym altmyş sekiziň bosagasynda duranam bolsa, kakamyň bu bagtyýarlygyna depäm göge ýetip: «Şeýle bagt, uzak ömür bize-de nesip etsin-dä!» diýýärin. Ol özüniň şu günki bagtyýarlygyna şatlanyp, geçen çagalyk, ýetginjeklik ýyllarynyň agyr günlerini ýatlap:

Oguljan NAZAROWA,
Görogly etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.