(«Nebitçileriň arasynda» atly makalalar toplumyndan)
Häzirki zaman, döwrebap ýer-ýurt atlarynyň arasynda geňligi bilen ýatda galyjy Goturdepä onuň adynyň dakylyşy bilen bagly tanymal dilçi alym, toponimçi S.Atanyýazowyň 1980-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» kitabynyň 107-nji sahypasynda jaýdar delilli we gyzykly maglumatlar berilýär. Häzirki Balkanabadyň çäginde, onuň düzümindäki şäherçedigi, ilki bu adyň şol ýerdäki üsti ot-çöpsüz, gotura meňzeýän gum depeleriniň ady bolup, soňra onuň şol ýerde gurlan nebitçileriň şäherçesine dakylandygy aýdylýar.