Dostlukly ýurduň paýtagty Duşenbe

2 Awgust 2021
2676

Meşhur meýdança

Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň iň meşhur ýerleriniň biri «Dostluk» meýdanydyr. 1930-njy ýylda gurluşygyna başlanan bu meýdança geçen ýyllarda dürli atlar bilen tanalypdyr. Ol 1997-nji ýylda häzirki «Dostluk» adyna eýe bolýar. Meýdançada 1991-nji ýylda Gündogaryň belli şahyry Ferdöwsiniň heýkeli oturdylýar. 1999-njy ýylda meýdançada düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Şol ýyl Samanylar döwletiniň 1100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bu ýerde Orta asyr Gündogar edebiýatyna howandarlyk eden şahsyýet, emir Ysmaýyl Samanynyň ýadygärligi oturdylýar. Bu meýdançadaky ýadygärlikler täjik halkynyň milliligini şöhlelendirýän özboluşly gymmatlyk bolup durýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».