Tämizlik ähli ýerde zerurdyr. Arassaçylyk işlerini dogry geçirmek arkaly hammamyňyzyň hem göze ýakymly we tämiz görünmegini gazanyp bilersiňiz. Munuň üçin mebelleriň, hajathananyň we beýleki zatlaryň arassa bolmagy zerurdyr. Hammamda arassaçylyk işlerini geçirmegiň käbir düzgünlerini dykgatyňyza ýetirýäris:
Arassaçylyga başlamazdan ozal rezin ellik geýiň! Soňra diş çotgasy, şampun, sabyn, desmal ýaly zatlary hammam otagyndan çykaryň! Penjireleri we gapylary açyň, öýüň içini, hammamy ýelejirediň!