«Altyn guş» — islegli önüm

18 Iýul 2021
2117

Saýat etrabynyň «Mülk» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Altyn guş» hususy guşçulyk toplumy diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň hem azyk bolçulygyna mynasyp goşandyny goşup gelýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aksoltan Hajyýewanyň ýolbaşçylygyndaky toplum häzirki wagtda doly önümçilik ýoluna düşdi. Toplumyň önümçilik işi barada telekeçi şeýle gürrüň berdi:

— Guşçulyk toplumy öň döwlet eýeçiligindedi. Ony bassyr iki ýyl kärendesine aldyk. Hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligiň ösdürilmegine we telekeçilik işleri bilen meşgul bolýan şahslara amatly şertleriň döredilmegine üns bermegi netijesinde, 2018-nji ýylda biziň guşçulyk toplumymyz hususy eýeçilige berildi. Şondan soň, Balkan welaýatynda hem guşçulyk toplumyny döretdik. Bu önümçiliklerde doganym Serdarmuhammet Nurmyradow bilen bilelikde iş alyp barýarys.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW.