Ene mähri — çäksiz umman

16 Iýul 2021
1869

Enä hormat goýmak halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdan iň gymmatly däpleriniň, ýörelgeleriniň biridir. Ene hakynda ýazmadyk şahyr, aýtmadyk akyldar ýok. Çünki eneler dünýäniň dowamatyny, dowamyny döredýän, ony äleme getirýän güýçdür. Ene dünýädäki iň mähriban ýüzdür, iň süýji sözdür, iň mylaýym eldir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda iňňän jaýdar pikirler ýöredilýär. Kitapdaky: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir» diýen setirler kalbyňy täsin duýgulardan pürepürleýär. Enäniň kalbyndan çykýan ýakymly owaza ýugrulan hem-de ýagşy dileglerden düzülen hüwdüleri çaga terbiýe bermekde ädilýän ilkinji ädimlerdir. Şol ýakymly owazlarda enäniň arzuw-umytlary, maksat-myratlary ýaňlanýar. Çaga ene hüwdüsi bilen ösýär, ulalýar.

Her bir ata-ene öz perzentleriniň ylymly, bilimli edepli-ekramly, arly-namysly, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegini arzuw edýär. Türkmenlerde: «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde, oň edebi nesillere ýörelge», «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz, ýigit atadan görüm görmese, saçak ýazmaz», «Gyz edebi — il edebi» diýilmeginiň düýp manysy türkmenleriň başynyň täjine, gözüniň görejine deňelip ezizlenen zenanlaryň maşgaladaky ornunyň belentdiginiň türkmeniň tuguna meňzedilendiginiň şaýadydyr.

Güljahan DAWYDOWA,
Türkmenistanyň telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby.