Çile saçy

7 Iýul 2021
2339

Çaga dünýä inenden soň, onuň bilen baglanyşykly däp-dessurlar berjaý edilýär. Olaryň biri-de galpak toýudyr. Galpak toýunda çaganyň saçyny daýysyna aldyrmagyň aňyrsynda çuňňur many bar. Çünki ene perzendiniň başyny erkek doganyna ynanýar. Ýaş enäniň öz dogan-garyndaşlaryny ýygy-ýygydan göresi gelýär. Şonuň üçinem naçar doganynyň halyndan habar alan erkek dogan sogap gazanýar diýen ynanç bar. Çaganyň galpak toýunda haýsydyr bir saý-sebäp bilen çaganyň ilkinji saçyny başga biri almaly bolaýanda-da, daýy sarpasyny saklap, çokul, käkil, gulpak, zülp, alynsaç diýlip atlandyrylýan daýy paýyny goýupdyrlar. Şol saçlar daýysy öýe myhman gelende aldyrylyp, oňa sowgat berlipdir. Soň-soňlar adamlar şol goýlan saçlara çaganyň uzak ýaşamagy, maşgalada çagalaryň köpelmegi bilen baglanyşykly edilýän ýagşy dileg hökmünde garapdyrlar.

Çile saçlary yzy tirkeşikli bolsun diýen niýet bilen çaga kürtesiniň arka tarapyna tikilipdir. Käbir ýerlerde çaganyň çile saçyny onuň geljekde köküniň çeşmä ýetip, giň döwletiň eýesi bolmagyny arzuwlap, miweli daragtlaryň düýbüne gömüpdirler. Türkmen halky saç zir-zibile atylsa, çaganyň güýç-kuwwaty gaçýar, guş aýagyna çolap, höwürtge ýasansa, akyl-huşy üýtgär, har edilen saç görküni ýitirer diýen ýaly ynançlaryň üsti bilen nesilleriň arasynda gowy gylyk-häsiýetleri we endikleri terbiýeleýär.