Täsin we täsirli iňlis dili

6 Iýul 2021
2657

Iňlis dili — ünsüňi sähel salymlygam sowup bolmaýan dartgynly detektiw esere çalymdaş bir zat. Şol bir wagtda ony kädaýym eliň tersi bilen zyňyp goýbermäge hyýal etdirýän okuw kitabyna hem deňäberesiň gelýär.

Iňlis dili diýseň owadan, täsirli hem-de köp aýratynlygyna anyk düşündiriş berip bolmaýan, islendik düzgüninde köp sanly kadadan çykmalara duş gelinýän çylşyrymly dildir. Ýöne hut şu aýratynlygy hem ony öwrenmesi hezil dile öwürýär. Indi-hä hemmetaraplaýyn özleşdirendirin diýersiňem welin, garaşylmadyk ýerden bulaşyk bir söz öwrümi bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Aslynda, täze-täze zatlary öwrenmek — yzygiderli ösüşiň hut özeni dälmidir eýsem?!

Taýýarlan Timar MÄMMETGURBANOWA