2003-nji ýylda dünýäniň iň uly halysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan «XXI asyr — Türkmeniň Altyn asyry» atly haly barada, onuň dokalyş aýratynlygy hakynda köpiňiz eşiden bolsaňyz gerek. Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu ajaýyp gözelligi ýakyndan synlanlaryňyz hem bardyr. Hawa, hakykatdan-da, hem türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden dörän bu täsin haly göreniň ünsüni özüne çekýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk baýramyna çeper elli gelin-gyzlaryň özboluşly toý sowgady bolan äpet halyny dokamaga halyçylaryň 40-sy gatnaşdy. Şolaryň biri-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Gurbangözel Amanmyradowadyr.
Haly dokamaga höwes onda çagalygyndan döräpdir. Entek mekdep okuwçysydygyna garamazdan, Gurbangözel ökde halyçylar bilen haly dokamaga başlaýar.