Ylym — belentlige badalga

1 Iýul 2021
2228

Parasatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna erk edip bilmegini gazanmak ýaly meselelere uly ähmiýet berýär. Bu babatda milli Liderimiz: «Halkymyzyň «Okaýan il ozar» diýen ajaýyp pähimi bar. Şoňa görä-de, ylym we bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek hem-de kämilleşdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamlar ýurdumyzyň täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň, bilim bermegiň dünýä derejesine çykmagynyň hem-de ýaş nesilleri terbiýelemegiň düýpli esaslarynyň biridir» diýip belleýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze taryhy eýýamynda ylym ulgamyny ösdürmäge, ýaşlarymyzyň döwrebap derejede bilim we hünär öwrenmegine, ylmy işler bilen meşgullanmagyna, şeýle hem olaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Döwran KARAJAÝEW
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň jenaýat-hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy, polisiýanyň uly leýtenanty.