Ejeli günlerim — eziz günlerim

24 Iýun 2021
2373

Kitap — keramat diýilýär. Onuň sahypalaryny agdardygyňça, çuň many-mazmunyny aňyňa ýazdygyňça gözleriň nurlanyp, ýüregiň aram tapýar. Şeýle ajaýyp kitaplaryň birnäçesini bize Gahryman Arkadagymyz serpaý berdi. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gymmatly eseri okanymdan soň kalbymda gatbar-gatbar bolup, dünýä inip bilmän ýatan ene hakyndaky pikirlerim ak kagyzda aýan boldy.

Ah, çagalyk ýyllary, çagalyk ýyllary! Görsene, eýýäm ol döwürlerden bäri näçe ýyllar geçipdir. Ýaşlygymyň süýji ýatlamalaryny alyp galan obamyzyň seleň säherleri, güneşe baý gündizleri, mahmal gijeleri edil häzirki ýaly ýadymda. Şol gijeleriň dymyşlygyny diňe jyzlanlar bozaýmasa, başga hiç zat bozanokdy. Jyzlanlaryň sesi eşidilip başladygy biz ýerli-ýerden gozgalaň tapyp, ozal ejemizdir kakamyzy ýadadan sowallarymyzy ýene gaýtalap başlardyk. Birimiz: «Kaka, kaka, jyzlan diýdiňmi, olar uzak ýaşamaýar diýdiňmi?! Nämüçin?! Ýogsa-da, olar näme üçin görnenoklar?!» diýip sowal bersek, ýene birimiz: «Eje, jyzlanlar diňe gije oýanýarlarmyka?! Olaryň sesi gündiz-ä eşidilenok» diýen ýaly sowallar bilen uzyn günki agyr zähmetden soň zordan başlary ýassyga ýetýän ezizlerimize azar ýamanyny bererdik. Olar bolsa gapymyzdaky ullakan sekiniň üstüne al-elwan düşekleri düşäp, gülli ýorganlar bilen üstümizi örtüp, sekiniň her çetinde biri ýatyp, bizi bolsa orta üýşürip irkilerdiler. Biziň bolsa wagty bilen ukymyz tutman,  gorsanyp hiç ýatasymyz gelmezdi. Ahyrynda ýa ejemize, ýa kakamyza mazaly käýindirenimizden soň jyzlanlaryň sesine gulak asyp, zer sepilen ýaly owadan asmany synlap uka giderdik.

Dürnabat AŞYROWA,
žurnalist.