Adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy

23 Iýun 2021
2504

Her bir ösen ýurduň ösüşiniň syry bilen gyzyklanyp göreniňde, ozaly bilen, ilkinji orunda ylmyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Jemgyýetiň ruhy we ahlak medeniýetiniň ýokarylygy-da şu hakykat bilen baglanyşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir» diýen parasatly sözleri çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamynyň özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi şübhesizdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda bu ugurlara düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşynyň täzelenmegi, innowasiýa ugurly täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi, olarda we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan derslere innowasion sanly ykdysadyýet ugurlarynyň girizilmegi, umumybilim berýän orta mekdeplerde we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerde döwrebap tehnika-tehnologiýalardan peýdalanmak başarnyklaryny kemala getirmegiň ýola goýulmagy hemişelik Bitarap ýurdumyzyň innowasiýalar ýurduna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Hurma NEPESOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.