Heňňam ýazgylary

23 Iýun 2021
3052

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny çykyşlarynda öwran-öwran nygtaýar.Türkmen halkynyň baý medeni mirasy bar. Ata-babalarymyz tarapyndan bize galdyrylan medeni mirasyň biri hem ýazuwdyr.

Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adamlaryň arasyndaky aragatnaşygy dilsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Hat-ýazuwyň emele gelmegi bilen, özara gatnaşyklar kämilleşipdir, özgeripdir. Aragatnaşyk saklamagyň ýene bir görnüşi hem ýazuwdyr. Maglumatlar tekst ýazmagyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Tekst sözlemlerden, sözlemler sözlerden, sözler bogunlardan, bogunlar harplardan durýar. Ses belgisi harp bilen belgilenýär. Gepleşikde säginme äheňi bar bolsa, ýazuwda gepleşigiň aýdylyş äheňi dürli dyngy belgiler bilen aňladylýar. Ýazuw bilen gepleşik diliniň ýerine ýetirilişiniň dürli-dürli bolmagyna garamazdan, olaryň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bardyr. Ýazuw — gepleşigiň kagyz ýüzüne geçirilen görnüşi. Ýazuwyň özboluşly taryhy bar. Adam eşiden habaryny, maglumatyny ýadynda saklap, hat üsti bilen bellige alyp, ony uzaklara ýetirip bilýär. ХХI asyrda ýazuw üsti bilen habar ýetirmegiň kämil görnüşi ýüze çykyp, ol giň mümkinçiliklere eýedir. Häzirki zamanda tehnikanyň ösmegi netijesinde sanlyja pursatyň içinde uzak ýerler bilen gepleşip we ýazuw üsti bilen habaryňy ýetirip bolýar. Bu günki gün adamzat Internet torunyň üsti bilen dünýä habarlary, täzelikler, şeýle hem birnäçe gyzykly maglumatlary özünde saklaýan dünýäniň çar künjündäki kitaphanalardaky kitaplar bilen tanşyp bilýär. Eýsem, bu ýagdaý gadymy döwürde nähili görnüşde bolupdyr?

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.