Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar.
Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, nebitgaz, oba hojalygy, senagat ulgamlarynda zähmet çekýän, harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri özleşdirmäge bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär.