Maşgalam — baş galam

15 Iýun 2021
2579

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala mukaddesligine aýratyn ähmiýet berilýär. Jemgyýetiň iň kiçi topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, är-aýalyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 9-njy maddasynyň 1-nji böleginde «Maşgala hukuklary kanun bilen goralýar» diýlip bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Maşgalanyň esasynda garyndaşlyk gatnaşyklary durmak bilen, şol gatnaşyklar är-aýalyň bir-birleriniň, ata-enäniň we çagalaryň, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýar. Maşgala gatnaşyklarynda, ilkinji nobatda, terbiýeleýjilik wezipesi öňde durýar. Sebäbi terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Çünki maşgala terbiýe ojagydyr.

Tawus HANDURDYÝEWA,
Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy.