Türkmen ylmynyň röwşen geljegi

14 Iýun 2021
2276

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda bu bäsleşige öz işläp taýýarlamalaryny, döredijilik gözleglerini we ylmyň hem-de tehnologiýanyň möhüm ugurlary boýunça barlaglaryny görkezýän ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 53-si gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenen işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 57-sini kesgitlediler. Olaryň 32-si talyplar, 25-si bolsa ýaş alymlardyr. Hödürlenen taslamalarda we işlerde ylmy täzeçillik, onuň wajyplygy, iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan ähmiýeti hem-de taslamalary önümçilige ornaşdyrmagyň geljegi esasy talap boldy.