Bank ulgamynda ýokary hilli hyzmatlar

9 Iýun 2021
1506

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklary uly ösüşlere beslenýär. Hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan bank ulgamynyň edaralary hem müşderilere täzeden-täze amatly we döwrebap hyzmatlary hödürlemek bilen, ýokary zähmet netijelerini görkezýärler.

Diýarymyzda raýatlara döwrebap derejede hyzmat etmek, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen, netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda döwlet tarapyndan dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak, ýurdumyzyň ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny hem-de sanly bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak babatdaky işlere yzygiderli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge we onuň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly hyzmatlar nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman görnüşleri bolup durýar. «Internet-bank» hyzmaty müşderiniň hasabynyň ýagdaýy barada maglumat alyp, degişli bank tarapyndan hödürlenýän dürli görnüşli amallary elýeterli we has çalt ýerine ýetirip bilmegini üpjün edýär.

Nartäç BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalter hasaby we hasabaty müdirliginiň baş hünärmeni.