Ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama aýratyn orun berilýär. Bu babatda hususyýetçilere döredilýän şertlerdir mümkinçilikleriň netijesinde, türkmen telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly möhüm işleri alyp barýarlar.
Obasenagat toplumynda we gaýtadan işleýän senagatda ýöriteleşen hususyýetçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýarlar. Telekeçiler et-süýt önümleriniň, gök we miwe şireleriniň, şireli suwlaryň, gaplanan önümleriň we konditer önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýärler. Türkmen telekeçileri suwarymly ýerleri özleşdirip, şol ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, miweli baglary hem-de üzüm nahallaryny ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar. Munuň özi içerki bazary azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.