Tebigat gözelligi — abadan ýaşaýşyň çeşmesi

24 Maý 2021
2397

Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen haýran galdyrýar. Olary synlamagyň öz lezzeti bar. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-da möwç urýar. Onsoň daşymyzy gurşap alan tebigy gözelligi aýawly saklamak, bu gözelligi öňküden hem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek babatda her birimiziň öňümizde durýan raýatlyk borç-wezipeler dogrusynda biygtyýar oýlanýarsyň.

Aslynda, halkymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata nusgalyk derejede aýawly çemeleşipdir. Onuň bilen ysnyşykly, sazlaşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyr. Daşky gurşawy arassa saklamakda, tebigy baýlyklarymyzy aýawly, rejeli peýdalanmakda pederlerimizden miras galan durmuş ýörelgeleri muňa subutnamadyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda abadan durmuşymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň berk binýadyna öwrülen bu kämil ýörelgeler mazmun taýdan öňküden hem baýlaşyp, täze öwüşginlere eýe bolýar. Munuň özi umumy öýümiz bolan tebigatymyzy gorap saklamakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýän meseleleriň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilen çäreleriň netijeli bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Karaş BENTGULYÝEW,
welaýatyň awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň başlygy.