Aşgabatda Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

16 Maý 2021
2640

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda milli-medeni mirasy öwrenmäge, halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen iri halkara maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Ynha, 14-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly utgaşdyrylan görnüşde geçirilen maslahat munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä türkmen alymlary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de beýleki döwletleriň abraýly ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Munuň özi bu geçirilen halkara maslahatyň dünýäniň ençeme ýurtlarynyň taryhçylarynda uly gyzyklanma döredendiginiň subutnamasydyr. Çünki türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde öçmejek yz goýan Beýik Seljuklar döwleti, şol sanda, onuň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň taryhy elmydama dünýä derejesinde ünsi özüne çekýär. Sebäbi bu beýik döwlet öz döwründe bütin dünýäde adamzat medeniýetiniň gülläp ösmegine saldamly goşandyny goşan döwletdir.

Taýýarlan Annamyrat AKYÝEW,
«Mugallymlar gazeti».