Kömelekli tagamlar

9 Maý 2021
1909

Bahar geldigi ak çabgalar şabyrdap inende giň sähralardaky selmeler birenaýy ýuwlup, kümüşsöw ýapraklaryny güjeňlärler. Asmanda müň öwüşginli älemgoşar peýda bolup, ýazyň ýakymly nygmatlaryny wada berýäne meňzär. Ana, şol günden soň, oba çagalary gaty uzaklaşdyrman ellerine taýajykdyr sebetjik alyp, gidibererler toparlanyşypjyk kömelek gözlemäge. Ene toprak inine siňen behişdi nemiň güýjüne posurdap özi diýip gelene «aýasyny açar-da» sahylyk görkezer. Mährem topragyň ynsan saglygy üçin bahasyz derman hasaplanýan şeýle tagamly nygmatlarynyň biri-de kömelekdir. Olaryň arasynda «gelin kömelek» adyny alan görnüşi has hem bereketli we peýdalydyr. Eneler aýtmyşlaýyn, «Höwür-höwür» diýip, kömelek gözläp ugrasaň, olar biri-biriniň syryny açarmyşlar. Topragy çalaja galdyryp, güberlipjik duran kömelejigi tapan ugruňa syn etseň, töweregindäkilere hem bada-bat gözüň düşer.

Şeýdip, oglanjyklar nädip sebetjiklerini dolduranlaryny duýman galarlar. Olar çaltrak öýe ýetmäge howlugarlar.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist