Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Milli Liderimiziň 29-njy aprelde Gypjakdaky Baş metjitde beren agzaçar sadakasyna özbek doganlarymyzyň hem gatnaşmagy iki halkyň ruhy däplere, gadyrly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny nobatdaky gezek açyp görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda hem «Daşkent» seýilgähini gurmak baradaky karara gelinmegi köpasyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has-da pugtalanýandygyny aýdyň görkezýär. Bular barada milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda geçirilýän tanyşdyrylyş dabaralarynda edilýän çykyşlarda hem giňişleýin bellenilýär.