Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär we mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Bu babatda ýurdumyzyň sebit howpsuzlygynyň we parahatçylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Owganystanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalary wajyp ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlary Owganystanyň syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň özgerdilmegi bilen bagly bolup, ýurdy sebit derejesindäki gatnaşyklara hem-de geljegi uly bolan taslamalara çekmek arkaly amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar we onuň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine iş ýüzünde goldaw berýär. 2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistandan Owganystana azyk, dokma harytlary, mekdep okuwçylary üçin okuw esbaplary, kitaplary, mekdep mebelleri, sport eşikleri ynsanperwer kömek hökmünde yzygiderli ugradylýar. Türkmenistanyň hasabyna Owganystanda birnäçe durmuş maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berildi. Farýap welaýatynyň Garamgol etrabynda saglyk öýüni, Jowuzjan welaýatynyň Şordepe etrabynyň Hazar-tokaý obasynda 400 orunlyk mekdebi, Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýi muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdesiniň hasabyna metjidiň gurluşygy amala aşyryldy. Munuň özi Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyny we goňşy ýurtda durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakda amala aşyrýan işleriniň anyk mysallarydyr.