Maşgala bagtynyň buýsanjy

14 Aprel 2021
2057

Gelin-gyzlarymyz haly dokanlarynda, olaryň daraklarynyň sazlaşykly sesi ata Watanymyzyň asudalygynyň, ösüşleriniň waspyny edýän ajaýyp mukama çalym edýär. Biz bu hakykata Halaç etrabynyň Halaç şäherinde ýaşaýan Annageldiýewleriň maşgalasynda myhmançylykda bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Hawa, bu öýde daragyň sesi bilen çagalaryň şadyýan gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu döwletli maşgalanyň öý bikesi, bagtyýar zenan, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Göwher Annageldiýewa bilen söhbetdeşligimiz hem milli mirasymyz, perzent terbiýesi dogrusynda boldy.

— Durmuşda öz ornumyzy tapyp, bir işiň başyny tutup, jemgyýete garylyp-gatylyp bilen bolsak, munuň aňyrsynda, ilkinji nobatda, ata-enelerimiziň irginsiz aladalary ýatandyr. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, il hataryna goşmak bagtyýarlykdan nyşan dälmi, eýsem?!

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.